Milli Goranmak Ministri Akar Katarda Saparda Bolýar

Hulusi Akar, Kataryň Goranmak ministri we Wise-premýer Halid bin Muhammed Al Atiýýe bilen duşuşdy.

1743305
Milli Goranmak Ministri Akar Katarda Saparda Bolýar

Prezident R. T. Erdoganyň Katara gurajak saparynyň çäginde Doha giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Kataryň Goranmak ministri we Wise-premýer Halid bin Muhammed Al Atiýýe bilen duşuşdy.

Iki ýurduň arasynda goranyş pudagynda edilýän hyzmatdaşlyk we sebitara meseleler hakynda pikir alyşan Akar bilen Al Atiýýe, Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky harby tälim hyzmatdaşlygynyň artdyrylmalydygyny belledi.

Hulusi Akar, Katarda iş alyp barýan türk esgerleri bilen hem duşuşdy.

Ministr Akar, türk harby toparynyň Katarda alyp barýan üstünlikli işlerinden hoşaldyklaryny belledi.

Akar “Gazanýan üstünlikleriňiz bizi buýsandyrýar. Biz siziň geljekde hem Kataryň ýaragly güýçleri bilen birlikde üstünlikli işleri durmuşa geçirjekdigiňize ynanýarys” diýdi.



Degişli Habarlar