Mewlüt Çawuşoglynyň Şwesiýa guran sapary dowam edýär

Mewlüt Çawuşogly, Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde bilen duşuşyk geçirdi

1742112
Mewlüt Çawuşoglynyň Şwesiýa guran sapary dowam edýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) 28-nji ministrler maslahatyna gatnaşmak maksady bilen giden Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde bilen duşuşyk geçirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly sosial media hasabyndan Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde bilen geçiren duşuşygy bilen bagly: "Şu gün ÝHHG-nyň döwürleýin başlygy Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde bilen duşuşyk geçirdik. Owganystan we Ukraina bilen birlikde ÝHHG geografiýasynyň çägindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk" diýip habar berdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly ozal bolsa Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel we Belarussiýanyň Daşary işler ministri Wladimir Makei bilen Şwesiýada duşuşyk geçiripdi. 



Degişli Habarlar