Ardahan welaýatynda "Eren Gyş-9" atly operasiýa başladyldy
Ardahan welaýatynda 405 harbynyň gatnaşmagynda "Eren Gyş-9" atly operasiýa başladyldy
1742211

Ardahan welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ekstremist terror guramasy PKK/KJK-ny ýurdyň güntertibinden çykarmak, terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek we sebitdäki ýaýlaglara gözegçilik etmek maksady bilen şäherde "Eren Gyş-9" atly operasiýa başladyldy.
Welaýat Žandarma serkerdeliginiň jogapkärçiligi astynda bolan welaýat merkeziniň we Göle etrabynyň serhetleriniň çäginde başladylan operasiýa 30 operatiw topar we 405 harby gatnaşýar.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogan Adanada Ýaşlar Bilen Duşuşdy
Erdogan, Türkiýäniň maksadyna ýetmeginde ýaşlaryň uly rol oýnaýandygyny belledi.