Yragyň demirgazygynda PKK/KJK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilen operasiýada, ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1741445
Yragyň demirgazygynda PKK/KJK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, terrorçylaryň, "Gelhat" adyny ulanýan Renas Ermegandygy we "Merhas" adyny ulanýan Newzat Durmuşdygy anyklandy. 

Od açylyp täsirsiz ýagdaýa getirilen Renas Ermeganyň 2015-nji ýylda Şyrnak welaýatynyň Jizre we Silopi etrplarynda bolan çukur we barrikada aksiýalarynda howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyrylan köp sandaky aksiýanyň meýilleşdirijisidigi we ýerine ýetirijisidigi anyklandy. 

Newzat Durmuşyň hem PKK/KJK-nyň 2015-nji ýyla Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynda guran hüjüminiň taýarlanmagynda we amala aşyrylmagynda işjeň rol eýeländigi, guramanyň Siriýa-Yrak arasyndaky işleriň koordinasiýasyny ýerine ýetirendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #KJK , #PKK , #demirgazyk , #Yrak

Degişli Habarlar