Daşary Işler Ministri Çawuşogly Rigada Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Çawuşoglunyň NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen geçirýän duşuşyklaryny dowam etdirmegine garaşylýar.

1741169
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Rigada Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Latwiýanyň paýtagty Riga giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly kärdeşleri bilen özara duşuşyk geçirýär.

Çawuşogly maslahatyň birinji oturluşygyndan soň Gollandiýanyň Daşary işler ministri Ben Knapen bilen duşuşdy.

Çawuşogly duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, kärdeşi bilen Gollandiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary bilen birlikde Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Truss bilen hem duşuşan Mewlüt Çawuşogly, iňlis kärdeşi bilen iki ýurduň arasynda goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlygy, göç we sebitara meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.

Çawuşoglunyň NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen geçirýän duşuşyklaryny dowam etdirmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar