Türkiýe Liwiýany Goldamaga Dowam Eder

Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn “Liwiýanyň saýlawdan ozalky syýasy näbellilikleri” temaly onlaýn maslahatda çykyş etdi.

1740903
Türkiýe Liwiýany Goldamaga Dowam Eder

Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Türkiýäniň Liwiýany 24-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlar yza süýşürilen halatynda-da goldamaga dowam etjekdigini, ähli halkara taraplaryň hem şeýle çemeleşmegine garaşýandygyny aýtdy.

Kalyn “Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet” ylmy barlag gaznasynyň Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki ofisinde geçirilen “Liwiýanyň saýlawdan ozalky syýasy näbellilikleri” temaly onlaýn maslahatynda çykyş etdi.

“Liwiýanyň territorial bitewiliginiň we syýasy jebisliginiň ähmiýetiniň nygtalmalydygyny pikir edýärin” diýe Kalyn, içerki urşuň gutarmagynyň syýasy durnuklylyk we demokratik dolanşyk üçin şert döredendigini, 24-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlaryň hem şol sebäpli aýratyn möhümdigine ünsleri çekdi.

Kalyn saýlawlar boýunça syýasy kynçylyklaryň bardygyny we saýlawyň geçirilip geçirilmejekdigine Liwiýadaky taraplaryň karar berjekdigini nygtap; “Her şertde, näme karara gelseler hem liwiýalylar tarapyndan alynyp barylan tapgyr bolmaly. Ähli halkara taraplar bu tapgyra sarpa boýmaly we ony goldamaly” diýdi.

Ýewropa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň Liwiýa “terror, göç we energetika” çarçuwasyndan garaýandygyny beýan eden Kalyn, onuň iňňän dar çarçuwadygyny, Türkiýäniň bolsa tapawutly çemeleşmäni saýlap alandygyny beýan etdi.

Ibrahim Kalyn Türkiýäniň Liwiýanyň harby meselelerini “diňe Liwiýanyň halky, hökümeti we saýlanan ýolbaşçylary” bilen ara alyp maslahatlaşýandygyny nygtap, Berlin we Pariž maslahatlarynyň Türkiýäniň Liwiýa meselesine goşulmagyndan hoşaldygyny tassyklandygyny beýan etdi.

Kalyn: “Türkiýäniň pozisiýasy wakalaryň ugruny özgertdi, çaknyşygy deňagramlaşdyrdy” diýdi.

 



Degişli Habarlar