Süleýman Soýlu liwanly kärdeşi Mewlewi bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Liwanyň Içeri işler ministri Bessam Mewlewi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1740603
Süleýman Soýlu liwanly kärdeşi Mewlewi bilen söhbetdeş boldy

Liwanyň Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýnata görä, Soýlu-Mewlewi telefon söhbetdeşliginde, iki ýurdyň howpsuzlygyny goramak bilen tagallalaryň üstünde durulyp geçildi. 

Ministr Süleýman Soýlu, Türkiýäniň Liwanyň Içeri işler ministrligine degişli Içerki Howpsuzlyk güýçleri bilen beýleki howpsuzlyk güýçlerine goldaw bermäge dowam etdimäge taýardygyny habar berdi. 

Türkiýäniň Beýrut şäherindäki ilçihanasy, Liwana berilýän ýardamlaryň çäginde 5-nji noýabrda Liwanyň Içeri işler ministrligine degişli bolan Içerki howpsuzlyk güýçlerine 3 müň guty azyk önümini beripdi. 

Içeri işler edarasynyň Baş howpsuzlyk müdürligi, 10-njy sentýabrda  Liwanyň Içeri işler ministrligine degişli Içerki Howpsuzlyk güýçlerine şahsy gorag esbaplary boýunça kömek beripdi. 

Tapawutly dini we messeplere esaslanýan syýasy bölünşikler sebäpli örän gowşak bir gurluşa eýe bolan Liwanyň ykdysadyýeti, 1975-1990-njy ýyllar aralygynda bolan içerki söweşden bäri iň uly krizisini başyndan geçirýär. 

Türkiýe 2020-nji ýylyň 4-nji awgustynda Beýrut portynda bolan partlama sebäpli uly kynçylyklary başyndan geçirýän Liwana tapawutly görnüşlerde kömekler bermäge dowam edýär. 



Degişli Habarlar