Şentop: "Palestina döwletini hemişe goldarys" diýdi

Şentop, paýtagt Ankara şäherinde geçirilen "Parlamentara Iýerusalim platformasynyň 4-nji maslahatyna" gatnaşdy

1740914
Şentop: "Palestina döwletini hemişe goldarys" diýdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop: "Palestina dawasynda biziň tezisimiz bellidir. Biz azat we garaşsyz, paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan Palestina döwletini hemişe goldarys" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, paýtagt Ankara şäherinde geçirilen "Parlamentara Iýerusalim platformasynyň 4-njimaslahatyna" gatnaşdy. 

Şentop musulmanlar taýdan Iýerusalimiň Yslamyň ilkinji kyblasy bolandygyny belläp: "Türkiýe hemişe we mundan soň hem Iýerusalimiň taryhy, dini, syýasy we hukuk statusynyň üýtgedilmegine garşy bolar. Palestina dawasynda biziň tezisimiz bellidir. Biz azat we garaşsyz, paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan Palestina döwletini hemişe goldarys" diýip mälim etdi. 

Mustafa Şentop Iýerusalim dawasyny ähli adamzadyň umumy meselesi hökmünde garaýandyklaryny aýan etdi. 



Degişli Habarlar