Siriýanyň Demirgazygynda 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Yragyň demirazygynda bolşy ýaly Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-li terrorçylara garşy guralýan operasiýar dowam edýär

1740095
Siriýanyň Demirgazygynda 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Yragyň demirazygynda bolşy ýaly Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-li terrorçylara garşy guralýan operasiýalaryň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “Gahryman esgerlerimiz “Parahatçylyk Çeşmesi” zolagynda 1, “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda hem 2 bolmak bilen hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän PKK/ÝPG-li jemi 3 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi” diýildi.

Siriýanyň demirgazygy, Türk ýaragly güýçleri tarapyndan 2017-nji ýylda guralan “Ýefrat Galkany” we 2019-njy ýylda guralan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýalary bilen terrordan saplanypdy.



Degişli Habarlar