Prezident Erdogan Aşgabatda Özarara Duşuşyklar Geçirdi

Prezident Erdogan Täjigistanyň Prezidenti Rahmon we Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşdy

1739916
Prezident Erdogan Aşgabatda Özarara Duşuşyklar Geçirdi
arif alvi-erdogan.jpg
imamali rahman-erdogan.jpg
erdogan eit liderlerle.jpg

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji liderler sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana giden Prezident Erdogan sammitiň çäginde özara duşuşyklar geçirdi.

Erdogan ilki Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçen we ýarym sagat dowam eden duşuşykda özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan soň bolsa Täjigistanyň Prezidenti Rahmon we Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşdy.

Erdogan, Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşan liderleriň hormatyna beren naharyna hem gatnaşdy.

Nahar metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.



Degişli Habarlar