Mewlüt Çawuşogly, NATO Agza Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşar

Ministr Çawuşogly maslahatyň çäginde käbir kärdeşleri bilen özara duşuşyk geçirer.

1740102
Mewlüt Çawuşogly, NATO Agza Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşar

Daşary işler ministri Mewüt Çawuşogly, Latwiýanyň paýtagty Rigada noýabr aýynyň 30-i bilen dekabr aýynyň 1-i aralygynda geçiriljek NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltrenbergiň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek maslahatda NATO agza ýurtlaryň 2022-nji ýylda Madritde geçiriljek liderler maslahaty üçin görülýän taýarlyklar bilen birlikde NATO agza ýurtlarda başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Ministr Çawuşogly maslahatyň çäginde käbir kärdeşleri bilen özara duşuşyk geçirer.



Degişli Habarlar