TürkiýeTebigy Apatlara Garşy Göreşde Güýçli Ulgama Eýe

Prezident Erdogan, Izmirde ýer titremesinde öýleri ýykylanlar üçin gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

1739347
TürkiýeTebigy Apatlara Garşy Göreşde Güýçli Ulgama Eýe

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň dünýäde tebigy apatlara garşy göreşde güýçli ulgama eýedigini nygtady.

Prezident Erdogan, Izmirde ýer titremesinde öýleri ýykylanlar üçin gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Erdogan, Izmirde 1 ýyl ozal ýer titremesinde öýleri ýykylanlar we zeper ýetirlenler üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üçin gije-gündiz diýmän işländiklerini belledi.

Erdogan “Hiç kimi aç ýada açykda goýmadyk. Ýitiren janlarynyň we ýykylan öýleriniň gynanjyny başdan geçiren raýatlarymyzyň ähli kynçylyklarynyň çözülmegi üçin elimizden geleni etdik” diýdi.

Prezident Erdogan “Ozal Elazygda we Malatýada bir ýyl ozal ýykylan binalaryň ýerine täzelerini guran bolsak Izmirde hem bir ýylda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurduk”diýip belledi.

“Şu günki güne çenli ýurdumyza we halkymyza beren wadamyzda durduk” diýen Erdogan, Türkiýäniň dünýäde tebigy apatlara garşy göreşde güýçli ulgama eýedigini belledi.

Erdogan, ýer titremesinde öýleri ýykylanlar üçin gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň düşümli bolmagyny diledi.



Degişli Habarlar