Siriýa Serhedinde 1 Esger Şehit Boldy

Türkiýeden Siriýa geçmäge çalşan topara garşy guralan operasiýada 1 esger şehit boldy

1739032
Siriýa Serhedinde 1 Esger Şehit Boldy

 

Türkiýeden bikanun ýollardan Siriýa geçmäge çalşan topara garşy guralan operasiýada serhetde iş alyp barýan 1 esger şehit boldy.

Milli Goranmak ministrligi, Kilisde bikanun ýollardan Türkiýeden Siriýa geçmäge çalşan topara garşy guralan operasiýada 1 esgeriň şehit bolandygyny habar berdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, şehit hakyndaky ýüzlenmesinde “Gahryman egindeşimiz 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda şehit boldy. Gahryman şehidimize öz adymdan we Milli Goranmak ministrliginiň adyndan Alladan rehnet dileýärin. Hossarlaryna we halkymyza duýgudaşlyk bildirýärin we sabyr dileýärin” diýdi.


Etiketkalar: #şehit boldy , #serhet , #Siriýa

Degişli Habarlar