Fahrettin Koja: "Ýapmagy hiç bir ýagdaýda pikir etmeýäris" diýdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde ýapmagy hiç bir ýagdaýda pikir etmeýändiklerini habar berdi

1737438
Fahrettin Koja: "Ýapmagy hiç bir ýagdaýda pikir etmeýäris" diýdi

Ýewropada koronawirusa ýolugýan adamlaryň artmagy sebäpli dünýäniň ençeme ýurduny çäreler görmäge we çäklendirmeler girizmäge iterdi. 

Meýilnamasyny üýtgetmeýän Türkiýede bolsa dolulygyna ýapylyş bolmaz, epidemiýa garşy göreşde iň täsirli ýarag sanjymlama tapgyry bolar. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, düýn geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi. 

Fahrettin Koja: "Ýapmagy hiç bir ýagdaýda pikir etmeýäris. Täze döwürde şahsy öňüni alyş çäreler, esasan we esasan hem sanjymlama uly ähmiýet berýäris. Her kimiň sanjym bolmagynyň gerekdigini aýdýarys" diýip habar berdi. 

Türkiýede öndüriljek koronawirus dermanynda ýetilen sepgidiň hem üstünde durup geçen Koja: "Türkiýedäki önümçiligi iň gysga wagtda we birnäçe merkezde tamamlap, döwlete bolan çykdajysyny iň az derejä ýetirip, raýatlarymyza Molnupiravir dermanyny mugt bermegi maksat edinýäris. Bu hem uzak wagt almaz" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar