Erdogan: "Möhletinden irki saýlaw bolmaz" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, möhletinden irki saýlawyň bolmajakdygyny, saýlawlaryň ozal bellenen wagtynda ýagny 2023-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljekdigini habar berdi

1737623
Erdogan: "Möhletinden irki saýlaw bolmaz" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň Welaýat başlyklarynyň giňeldilen maslahatyna gatnaşdy. 

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda, möhletinden irki saýlawlaryň üstünde durup geçip: "Möhletinden irki saýlaw, möhletinden irki saýlaw. Möhletinden irki saýlaw bolmaz. 2023-nji ýylyň iýun aýynda hem Prezident saýlawynda üstün çykyp hem-de Jemhur alýansy hökmünde Mejlisde köplüge eýe bolup rekordy hasam täzeläris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar