Süleýman Soýlu terrora garşy göreş barada beýanat berdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, terrora garşy göreş barada beýanat berdi

1737140
Süleýman Soýlu terrora garşy göreş barada beýanat berdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryna şu ýyl 5-si daşary ýurtdan jemi 48 adamyň goşulandygyny, soňky 5 ýylda bolsa 1 müň 43-i edilen tagallalaryň netijesinde, guramanyň jemi 2 müň 72 agzasynyň Türk howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini habar berdi.  

Paýtagt Ankara şäherinde beren beýanatynda, terrora garşy göreşiň üstünde durup geçen Süleýman Soýlu Türkiýäniň 40 ýyl bäri terror bilen synagdan geçirilýändigini ýatladyp: "2014-nji ýylda 5 müň 558 adamyň hataryna goşulan gurama, şu gün 48 adam hataryna goşuldy. Şu günki gün Türkiýäniň territoriýasynyň çägindäki terrorçylaryň sany 180-den hem azaldy. Terrorçylykly aksiýalaryň sany 2 müň 817-den, serhetaşa hüjümler we bir bölegi hem asuda ilatyň nyşana alynyp guralan hüjümleriň sany şu günki günde 135-e çenli azaldy. PKK-nyň hataryna şu ýyl 5-si daşary ýurtdan jemi 48 adam goşulan bolsa, soňky 5 ýylda 1 müň 43-si edilen tagallalaryň netijesinde guramanyň jemi 2 müň 72 agzasy Türk howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi" diýip habar berdi. 

Terrora garşy göreşde üznüksiz operasiýalaryň geçirilýändigini aýdan Soýlu: "Eren Gyş operasiýalaryň 6-sy dowam edýär. Eren Gyş operasiýasynyň 7-njisini şu gün Bitlis welaýatynyň Sarpkaýalar diýilýän ýerinde başlatdyk. Diňe Eren operasiýalarynyň çäginde 167 terrorçy we 1 müň 57 gowak täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar