Mewlüt Çawuşogly Liwanyň Premýer-ministri Bilen Duşuşdy

“Doganlyk ýurt Liwana goldaw bermäge dowam ederis”

1734770
Mewlüt Çawuşogly Liwanyň Premýer-ministri Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Beýruda guraýan resmi saparynyň çäginde Liwanyň Premýer-ministri Nejib Mikaty bilen duşuşdy.

Çawuşogly duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Liwanyň Premýer-ministri bilen özara gatnaşyklarymyzy ähli taraplaýyn ara alyp maslahatlaşdyk. Doganlyk ýurt Liwana goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Liwana guraýan saparynyň çäginde Ykdysadyýet ministri Emin Selam we Daşary işler ministri Abdullah Buhabib bilen duşuşdy, Prezident Mişel Awn we Mejlisiň Başlygy Nebih Berri tarapyndan kabul edildi.



Degişli Habarlar