Daşary Işler Ministri Çawuşogly Eýranda Saparda Bolýar

Mewlüt Çawuşogly paýtagt Tähranda kärdeşi Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen metbugata beýannama berdi.

1734125
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Eýranda Saparda Bolýar
mevlut cavusoglu.jpg
Cavusoglu-Abdullahiyan.jpg

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Eýran bilen özara gatnaşyklaryny, sebitara we halkara meselelerde edýän hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýändigini nygtady.

Resmi sapar bilen Eýrana giden Mewlüt Çawuşogly paýtagt Tähranda kärdeşi Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen metbugata beýannama berdi.

Eýranda bolan ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildiren Çawuşgoly, Türkiýäniň doganlyk ýurt Eýrana ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardygyny aýtdy.

Kärdeşi Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji maslahaty üçin görülýän taýarlyklar bilen birlikde terror, göç we howpsyzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny, bu meselelerde edilýan hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýändiklerini belledi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň artdyrylmagyny isleýändiklerini nygtan Çawuşogly, Türkiýäniň, Eýrana bir taraply ýagdaýda goýlan sanksiýalara garşydygyny ähli platformada beýan edýändigine ünsi çekdi.

Iki ýurduň ýerleşýän sebitinde möhüm wakalaryň başdan geçirilýändigini we sebitara meselelerde edilýän hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmelidigini nygtan Çawuşogly, “Eýran bilen özara gatnaşyklarymyzy, sebitara we halkara meselelerde edýän hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek isleýäris” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan hem, Türkiýe bilen Eýranyň arasynda uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin iş meýilnamasynyň taýarlanmagy boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.

Hüseýin Emir Abdullahiýan, Türkiýe bilen sebitara meselelerde umuman alnanda şol garaýşa eýediklerini nygtap, Çawuşogly bilen sebitara we halkara meseleler boýunça netijeli gepleşik geçirendiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar