Wengriýanyň Premýer-ministri Orban Türkiýeden Ogurlanan Taryhy Eserleri Yzyna Gowşurdy

Türkiýä degişlidigi anyklanan taryhy 101 eseri Prezident Erdogana gowşuryldy

1732852
Wengriýanyň Premýer-ministri Orban Türkiýeden Ogurlanan Taryhy Eserleri Yzyna Gowşurdy

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Wengriýada 2016-njy ýylda ele geçirlen we Türkiýä degişlidigi anyklanan taryhy 101 eseri Prezident R. T. Erdogana yzyna gowşurdy.

Wengriýada howpsyzlyk güýçleri tarapyndan 2016-njy ýylyň 29-njy sentýabrda bir konteýnerde geçirlen barlagda taryhy 101 eser ele geçirlipdi.

Paýtagt Ankarada saparda bolýan Wiktor Orban, taryhy eserleri, iki ýurduň arasynda medeni gymmatlyklaryň ogurlanmagyna garşy alnyp göreşdäki ýokary hyzmatdaşlygy görkezmek üçin Prezident R. R. Erdogana gowşurdy.

Taryhy eserleriň Türkiýä yzyna gowşurylmagy üçin Prezidentiň kompleksinde dabara geçirildi.

Prezident Erdogan bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Orban yzyna gowşurlan taryhy eserler bilen ýakyndan tanyş boldy.



Degişli Habarlar