Türk Esgeriniň Azerbaýjandaky Iş Möhledi 1 Ýyl Uzadyldy

Türkiýe Azerbaýjana güýçli goldaw berýänr

1732387
Türk Esgeriniň Azerbaýjandaky Iş Möhledi 1 Ýyl Uzadyldy

Türk esgeriniň Azerbaýjandaky iş möhlediniň 1 ýyl uzadylmagy hakyndaky Prezidentiň ygtyýarnamasy Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiň Baş Assambleýasynda kabul etdi.

Prezident R. T. Erdoganyň goly bilen öňňin TBBM-de hödürlenen ygtyýarnamada, Azerbaýjan, Ermenistan we Russiýa tarapyndan 2020-njy ýylyň 9-njy noýabrynda kabul edilen Üçtaraplaryn jarnama laýyklykda sebitdäki durnuklylygyň goralmagy maksady bilen durmuşa geçirilýän işleriň dowam edýändigi ýatladyldy.

Ygtyýarnamada, halkara hukugyna laýyklykda, territorial bitewikiginiň goralmagy bilen birlikde ahli hak-hukuklaryň goralyp saklanmagy üçin etabyň başyndan bäri Azerbaýjana güýçli goldaw berýän Türkiýäniň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin uly tagalla edýändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar