Türkiýäniň Esaslandyryjysy Atatürk Aradan Çykan Gününde Hatyralanýar

Şu gün 10-njy noýabr. Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy gahryman M.K. Atatürkiň dünýeden ötenine 83 ýyl doldy.

1731835
Türkiýäniň Esaslandyryjysy Atatürk Aradan Çykan Gününde Hatyralanýar

Türkiýe 57 ýyllyk ömründe milletiniň we watanynyň garaşsyzlygy üçin girişen her bir göreşini harby we syýasy ägirtligi bilen ýeňişe ýetiren, adyny türk we dünýä taryhyna altyn harplar bilen ýazdyran öňbaşçysyny ýene-de bir gezek söýgi, hormat we minnetdarlyk bilen hatyralaýar.

Atatürkiň baky dünýä göçmeginiň 83-nji ýylynda aramgähinde döwlet dabarasy geçirildi.

Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Atatürkiň aramgähini zyýarat etdi.

Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki kortežde Türkiýäniň Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Ministrler kabinetiniň agzalary, Respublikan halk partiýasynyň Başlygy Kemal Kylyçdarogly, Milletçi hereket partiýasynyň Başlygy Dewlet Bahçeli, Gowy partiýanyň Başlygy Meral Akşener, ýokary kazyýet organlarynyň başlyklary, harby goşunlaryň serkerdeleri, syýasy partiýalaryň wekilleri, býurokratlar we beýleki resmi adamlar bardy.

Prezident Erdogan we oňa ýoldaşlyk eden wekiliýet Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýdy, soň hormatly dymyşlyk edip, Garaşsyzlyk mukamyny ýerine ýetirdi.

Erdogan soň bolsa Milli kasam minarasyna baryp, Aramgähdäki ýatlama kitabyna öz minnetdarlyk sözlerini ýazdy.

Erdogan ýatlama kitabyna: “Eziz Atatürk! Siziň aly hezretiňizi aradan çykan günüňiziň 83-nji ýylynda ýene-de bir gezek rahmet bilen hatyralaýarys. Guran we bize amanat eden Respublikamyzy betpälleriň amallaryna oýunjak bolan bedbagtlara garamazdan beýgeltmäge, galkyndyrmaga, sebitiniň we dünýäniň parlaýan ýyldyzyna öwürmäge dowam edýäris. Bilim, saglygy goraýyş, howpsuzlyk, senagat pudaklarynyň başda durmagynda ähli ugurlarda gazanan taryhy üstünliklerimiz bilen 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin öňde goýan maksatlarymyza tarap egilşiksiz öňe barýarys. Ýurdumyzyň bitewiligine, döwletimiziň gelejegine, beýik milletimiziň jebisligine we gadymy gymmatlyklaryna kast edilmegine asla ýol bermeris. Ruhuň şat bolsun!” diýip ýazdy.

Ýurduň ähli etraplarynda-da raýatlar Atatürkiň baky dünýä göçen wagty bolen 09:05-de hormatly dymyşlyk etdiler.

Paýtagt Ankaranyň iň gelim-gidimli etraplarynda durmuş Atatürke bolan hormatyň alamaty hökmünde bir minutlygyna durdy.

Türkiýe wagty boýunça sagat 09:05-de sirenalaryň çalmaga başlamagy bilen paýtagtyň şaýollarynda we köçelerinde raýatlar hormatly dymyşlyk etdiler. Sürüjiler ulaglaryndan düşüp, hormatly dymyşlyga goşuldylar.

 

Stambulda-da 15-nji iýul Şehitler köprüsinde sürüjiler sagat 09:05-de ulaglaryny öçürip, ýere düşdiler we hormatly dymyşlyk etdiler.



Degişli Habarlar