Ministr Dönmez alžirli kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatin Dönmez, Alžiriň Energetika we dag magdan ministri Muhammed Arkab bilen duşuşyk geçirdi

1732108
Ministr Dönmez alžirli kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatin Dönmez, sapar bilen giden Alžiriň paýtagty Alžir şäherinde ýurdyň Energetika we dag magdan ministri Muhammed Arkab bilen geçirjek duşuşgyndan ozal beýanat berdi. 

Iki ýurdyň arasynda maýa goýup boljak ençeme ugryň bardygyny aýdan Fatin Dönmez, şol mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Fatin Dönmez, beren beýanatyndan soň bolsa Alžiriň Energetika we dag magdan ministri Muhammed Arkab bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar