M.K. Atatürk Awstraliýada Hatyralandy

10-njy noýabr Atatürki hatyralama” çäresi geçirildi

1731710
M.K. Atatürk Awstraliýada Hatyralandy

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti M. K. Atatürk dünýeden öten gününiň 83-nji ýylyda Awstraliýanyň paýtagty Kanberra bilen birlikde Sidneý, Melburn we Brisben şäherinde geçirlen çärelerde uly hormat bilen hatyralandy.

Türkiýäniň Awstraliýadaky ilçihanasy tarapyndan paýtagt Kanberradaky Atatürk meýdanynda, Sidneýdäki we Melburndaky Başkonsullyklarynyň binalarynda “10-njy noýabr Atatürki hatyralama” çäresi geçirildi.

Çärelere Türkiýäniň Awstraliýadaky Adatdan Daşary we doly ygtyýarly ilçisi Korhan Karakoç, Sidneýdäki Başkonsuly Ali Sewim, Melburndaky Başkonsulygy Arif Eser Torun bilen birlikde ilçihananyň we başkonsullygyň işgärleri gatnaşdy.

Edilen çykyşlardan soň Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň dünýeden öten wagty bolan 09.05-de hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senasy ýerine ýetirildi.



Degişli Habarlar