“Atatürk, Halkymyzyň Doly Garaşsyzlygyna Öňbaşçylyk Eden Lider"

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň dünýeden öten gününiň 83-nji ýylynda ýüzlenme çap etdi.

1731767
“Atatürk, Halkymyzyň Doly Garaşsyzlygyna Öňbaşçylyk Eden Lider"

Mustafa Şentop ýüzlenmesinde, TBMM-niň ilkinji başlygy, Milli göreşiň serkerdebaşysy, Respublikanyň esaslandyryjy gahryman Mustafa Kenal Atatürki dünýeden öten gününiň 83-nji ýylynda uly hormat bilen hatyralaýandyklaryny nygtady.

Mustafa Kemal Atürke düşünmegiň “Onuň türk halky bilen birlikde basyp alyjy güýçlere garşy alyp baran göreşindäki liderliginden görelde alyp Türkiýäniň milli bähbitlerini ileri tutup, doly garaşsyzlyk, ýagty gelejek, ylmy taýdan uly öňe gidişlik we galknyş mirasyna eýe çykmakdygyny” nygtan Şentop, ýüzlenmesinde “Atatürk, halkymyzyň doly garaşsyzlygyna öňbaşçylyk eden lider. Atatürk we egindeşleri geljek nesillere diňe watany amanat etmek bilen çäklenmän, ugrunda jan beriljek milli idea we milli ygtyýar goýup gitdi.

Bütin dünýä dartgynlyk bilen çaýkanýarka, şu günki günde ýurdumyz parahat we asuda gelejege tarap barýan bolsa, ol , onuň liderlik etmeginde Milli göreşe gatnaşan gahrymanlarymyzyň öňümizde goýan maksady, garaýyşy we biziň şol ugurda doly garaşsyz hem-de gaýtadan beýik Türkiýe ideasy üçin batyrgaýlyk we gaýduwsyzlyk bilen baky göreşmäge dowam eder” diýdi.

 



Degişli Habarlar