Çawuşogly Kazymi we Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1731031
Çawuşogly Kazymi we Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yragyň Premýer ministri Mustafa al-Kazymi we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä Mewlüt Çawuşogly, Yragyň Premýer ministri Mustafa al-Kazymi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen Kazyminiň ýaşaýan ýerine guralan terrorçylykly hüjümi Türkiýäniň iň berk ýagdaýda ýazgarýandygyny habar berdi. 

Çawuşogly mundan başgada Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hem gynanjyny Kazyma ýetirdi. 

Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda 12-nji noýabrda Stambulda geçiriljek Türk Geňeşiniň 8-nji maslahatynyň taýarlyklary ara alynyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar