Izmir welaýatynda Türkiýäniň suw giňişligine itilen 157 bosgun halas edildi

Izmir welaýatynyň Urla, Dikili, Seferihisar etraplarynyň suw giňişliklerinde, Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 157 bosgun halas edildi

1728062
Izmir welaýatynda Türkiýäniň suw giňişligine itilen 157 bosgun halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň internet saýtynda berilen beýanatda, 30-njy oktýabrda Urla etrabynyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýykda bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gaýygyň sebite gönükdirilendigi mälim edildi.

Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 28 bosgun, halas edilip kenara çykaryldy.

Dikili etrabynyň Denizköý etrabynda çiýşirilen gaýykdaky 33 bosgun, Seferihisar etrabynyň suw giňişliginde bolsa ýene-de 24 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy.

Çeşme etrabynyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýykdaky 72 bosgun Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan halas edildi.

Daşary ýurtly 157 bosgun deslapky işlerden soň welaýatyň Migrasiýa edarasyna gönükdirildi.



Degişli Habarlar