Prezident Erdogan "Ýaşyl galkynyş ynkylaby" atly kitap barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň gadymy medeniýetinden ylham alyp "Ýaşyl galkynyş ynkylabyny" ähli edýän işleriniň merkezine ýerleşdirip, klimat krizisiniň çözüwinde öňbaşçy we täsirli bir roly öz üstüne almakda tutanýerlidigini beýan etdi

1727332
Prezident Erdogan "Ýaşyl galkynyş ynkylaby" atly kitap barada beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan taýarlanan "Türkiýäniň Ýaşyl Galkynyş ynkylaby" atly kitabynyň tanyşdyrylyş ýazgysyny ýazdy.

Günbatar medeniýetiniň senagat ynkylaby bilen tebigatyň üstünde agalyk etmeli diýip garamagynyň, şu günki gün dünýäni daşky gurşaw betbagtçylygyna sezewar edendigini aýdan Erdogan, howa, suwa, topraga hotmat goýmaýan, has köp öndürmegi, has köp girdeji almagy özünde jemleýän düşünjäniň, dünýäni barha ýaşap bolmajak bir ýere öwürýändigine ünsleri çekdi.

Soňky ýyllarda başdan geçirilen tebigy apatlaryň, ýaşyl galkynyş ýörelgelerine ähmiýet bermedik ýurtlaryň, özleri bilen birlikde ähli adamzada zyýan ýetirýändigini görkezendigini aýdan Erdogan, ýetilen sepgitde ykdysady girdejiden zyýada daşky gurşawa ähmiýet berýän we daşky gurşawa hormat goýan täze bir meýilnama mätäçligiň bardygyny görkezendigini beýan etdi.

"Ertir ahyr zaman boljagyny bilseňem eliňdäki agajy ek, diýän bir medeniýetiň agzasy hökmünde tebigatyň goralmagy, ýurdumyzyň esasy wezipeleriniň başynda gelýär" diýip bellän Prezident Erdogan, Türkiýäniň Pariž ylalaşygyna laýyklykda 2053-nji ýyla çenli zyňyndylary anyk ýagdaýda dolulygyna aýyrjakdygy barada söz berendigini ýatladyp, şol çäkde esasan hem ýangyçlardan gözbaş alýan parnik gazlary bilen, olary özüne çekýän, ýok edýän okean we ýaşyl zolaklaryň biri-birleri bilen deňleşdirilmegi manysyny berýän anyk nol zyňyndy maksatnamasynyň çäginde tankydy ädimleriň ediljekdigini habar berdi.

Türkiýäniň ilkinji ýerli awtoulagynyň elektrik tokda işläp bilýän görnüşde dizaýn etmeginiň, tehnologiýadaky başlangyçlaryň, döwrebap binalar we şäherler babatyndaky höweslendirmeleriň, şol ugury ileri tutýandygynyň görkezijisidigini aýdan Erdogan: "Klimat çalşygy, ýurdumyzyň global dolanşyk ulgamyndaky hukuksyzlyklara garşy bildirýän nägilelikleriniň nähili derejede dogrudygyny görkezýär. Bütin adamzadyň umumy meselesi bolan klimat krizisine garşy göreşiň täze global hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk içinde alynyp barylmagy möhümdir. Häzirki wagta çenli amala aşyran ykdysady syýasatlary bilen klimat çalşygyny has hem çuňlaşdyran ösen ýurtlar bu tapgyrda has köp jogapkärçiligi öz üstlerine almalydyrlar. Ýogsam täze adalatsyzlyklaryň we hukusyzlyklaryň başdan geçirilmegi ikiuçsyzdyr. Türkiýe hökmünde ýetilen sepgitdäki taryhy jogapkärçiligi ýok diýip boljak derejede az bolmagyna garamzdan, klimat çalşygyna garşy göreşe uly goldaw berýäris. Klimat çalşygyna garşy göreş babatynda adamzadyň indi çatryga ýetendigine ynanýarys. Öňümizdäki tapgyrda Türkiýe, gadymy medeniýetinden ylham alyp "Ýaşyl galkynyş ynkylabyny" ähli edýän işleriniň merkezine ýerleşdirip, klimat krizisiniň çözüwinde öňbaşçy we täsirli bir roly öz üstüne almakda tutanýerlidir" diýip habar berdi.



Degişli Habarlar