Goranmak ministrligi: "Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2 müň 360-a ýetdi"

Şu ýylyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2 müň 360-a ýetdi

1727540
Goranmak ministrligi: "Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2 müň 360-a ýetdi"

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklar bölüminiň ofiseri maýor Pynar Kara, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde Milli Goranmak ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Pynar Kara: "Oktýabr aýynda ýurdyň öz içinde we daşary ýurtda geçirilen 27 aýry operasiýada 279 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şu ýylyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2 müň 360-a ýetdi" diýip habar berdi.

Pynar Kara: "Oktýabr aýynda serhetlerimizden bikanun ýollar bilen geçmäge synanyşan 38-i terrorçy jemi 471 adam tussag edildi, 22 müň 406 adam bolsa serhedi geçmeden saklandy" diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar