Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähinde…

"Şu şanly günde sizi, ýarag egindeşleriňizi we gahryman şehitlerimizi ýene-de bir gezek uly hormat bilen hatyralaýarys"

1726556
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähinde…
Anıtkabir'de 29 Ekim Cumhuriyet Bayramı töreni.jpeg

Respublikanyň 98 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Prezident R. T. Erdogan döwlet ýolbaşçylary bilen birlikde Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik Baştutan Atatürkiň aramgähine bardy.

Prezident Erdogan aramgahiň ýatlama depderine “Eziz Atatürk, Respublikaymyzyň gurlan gününiň 98-nji ýylyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris. Şu şanly günde sizi, egindeşleriňizi we gahryman şehitlerimizi ýene-de bir gezek uly hormat bilen hatyralaýarys. Watan ugruna janlaryny pida edip bize amanat edilen Respublikamyzy ähli taraplaryn ösdürmek, mertebesini artdyrmak we dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdundan biri bolmagy üçin arman ýadaman gije-gündiz diýmän işleýäris. Tutuş adamzadyň täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli uly kynçylygy başdan geçirýän döwründe Türkiýe, önümçiligini, iş mümkinçiligini, eksportyny we maýa goýumlaryny artdyrmak bilen galkynyş ýolagçylygyny üstünlikli dowam etdirýär. Şanly taryhy ýeňişler bilen doly gahryman halkyň perzentleri hökmünde Respublikamyzyň 100 ýyllygy üçin kesgitlän maksadymyza ýetmek üçin tutanýerli tutum alyp barýarys. Ýatan ýeriň ýtagty ruhuň şad bolsun” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar