Yragyň demirgazygynda uly göwrümli operasiýa geçirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan 21-nji oktýabrda başladylan operasiýa dowam edýär

1725627
Yragyň demirgazygynda uly göwrümli operasiýa geçirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde güýçli çaknyşyklaryň başdan geçirilýän Kartal Tepe diýilýän ýerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza köp sanda terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan 21-nji oktýabrda başladylan operasiýa dowam edýär. 

Kartal Tepe sebiti harby uçarlar we serhet zolagyndaky gaubisalar bilen nyşana alynyp hüjüm guralýar. Komandos toparlar we ýöriteleşdirilen harby toparlar dikuçarlar bilen sebite gönükdirildi. 

Sebiti gabaw astyna alan türk esgerler, 22-nji oktýabrda gury ýerden operasiýa başlady, sebitde güýçli çaknyşyklar başdan geçirilýär. 

Esasan hem tunnel görnüşdäki gowakda ençeme adamdan ybarat terrorçy topar gabaw astyna alyndy. Sebit gabaw astyna alyndy. Boýun egmekleri barada çagyryş berilen terrorçylar od açyp garşylyk görkezdi, ençeme terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, gaçyp bilmejekdiklerine göz ýetiren guramanyň köp sandaky agzasy boýun egmäge mejbur galdy. 



Degişli Habarlar