Prezident Erdogan Azerbaýjanda Saparda Bolýar
Dabaraly ýagdaýda howa menzilini açan Erdogan bilen Aliýew, ýolbaşçylardan maglumat aldy.
1725139



Prezident R. T. Erdogan iş sapary bilen Azerbaýjana gitdi.
Prezident Erdoganyň uçary, Azerbaýjanyň basyp alyşlykdan halas edilen şäherlerinde gurlan ilkinji howa menzili bolan halkara Fuzuli howa menziline gondy.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan garşylanan Erdogan, halkara Fuzuli howa menziline baran ilkinji döwlet ýolbaşçysy boldy.
Dabaraly ýagdaýda howa menzilini açan Erdogan bilen Aliýew, howa menzili hakynda ýolbaşçylardan maglumat aldy.
Prezident Erdoganyň Azerbaýjana guraýan iş saparynyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.