Prezident Erdogan Azerbaýjana Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

Erdogan Aliýew bilen birlikde Ahmetbeýli-Fuzuli-Suşa, Ahmetbeýli-Horadiz-Minjiwan-Agbend gara ýolunyň gurluşygyna badagla berdi

1725237
Prezident Erdogan Azerbaýjana Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär
erdogan-aliyev.jpg
Erdoğan Aliyev Azerbaycan.jpg
Erdoğan Aliyev Fuzuli Havalimanı.jpg
Erdoğan Aliyev.jpg
Erdogan-Azerbaycan-12.jpg
Erdogan-Azerbaycan-11.jpg
Erdogan-Azerbaycan-10.jpg
Erdogan-Azerbaycan-13.jpg

Prezident Erdoganyň uçary, Azerbaýjanyň basyp alyşlykdan halas edilen şäherlerinde gurlan ilkinji howa menzili bolan halkara Fuzuli howa menziline gondy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan garşylanan Erdogan, halkara Fuzuli howa menziline baran ilkinji döwlet ýolbaşçysy boldy.

Dabaraly ýagdaýda howa menzilini açan Erdogan bilen Aliýew, howa menzili hakynda ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Prezident Erdogan saparynyň çäginde Aliýew bilen birlikde Ahmetbeýli-Fuzuli-Suşa, Ahmetbeýli-Horadiz-Minjiwan-Agbend gara ýolunyň gurluşygyna badagla berdi.

Iki lider Zengilanda Türkiýäniň goldaw bermeginde guruljak Akylly Oba hojalyk merkeziniň gurluşygyna badalga berdi

Prezident Erdoganyň Azerbaýjana guraýan iş saparynyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar