Prezident Erdogan Zenanlar duşuşygynda çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Zenanlarymyzyň bilim we önümçilik ugurlarynda ýeten sepgitleri hakykatdan hem taryhy üstünligiň görkezijisidir" diýip belledi

1724227
Prezident Erdogan Zenanlar duşuşygynda çykyş etdi

Prezident Erdogan Eskişehir welaýatyna guran saparynda potratçy, daýhan, talyp, türgen, sungat işgärleri we hormatly dynç alyşa çykan zenanlar bilen duşuşyk geçirdi. 

Beýik we güýçli Türkiýe maksatnamalaryny zenan we erkek tapawudyny goýmadan, milletiň ähli agzalary bilen durmuşa geçirendiklerini aýdan Erdogan: "Ýurdumyzyň gelejegi bilen bagly islendik maksatnamany, islendik taslamany siz bilen bilelikde ýola goýjak ýagdaýda düzýäris we durmuşa geçirýäris" diýip belledi. 

Türkiýede zenanlaryň esasan hem bilim, önümçilik, iş üpjünçiligi, syýasat we sosial durmuşda uly sepgitlere ýetilen döwrüň öz döwürleridigini aýdan Erdogan: "Muny çürt kesik aýdýaryn, ähli gatlakdan zenanlarymyzyň potensialyny özi, maşgalasy, şäheri we ýurdy üçin durmuşa geçirip biljek insfratrukturany biz ýola goýdyk, mümkinçilikleri döretdik, päsgelçilikleri ortadan aýyrdyk. Esasan hem zenanlarymyzyň bilim we önümçilik ugurlarynda ýeten sepgitleri hakykatdan hem taryhy üstünligiň görkezijisidir" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar