Prezident Erdogan Azerbaýjanda Saparda Bolar

Saparyň çäginde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara ara alnyp maslahatlaşylar.

1724708
Prezident Erdogan Azerbaýjanda Saparda Bolar

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda ertir Azerbaýjana gider.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Fuzuli şäherinde gurlan howa menziliniň we sebitde gurlan gara ýoluň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Erdogan bilen Aliýew we Zengilanda Türkiýäniň goldaw bermeginde guruljak oba hojalyk merkeziniň gurluşygyna badalga berer.

Saparyň çäginde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara ara alnyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar