Daşary Işler Ministri Çawuşogly, Awstriýaly Kärdeşini Gutlady

Ministr Çawuşogly kärdeşini täze wezipesi bilen gutlap rowaçlyk arzuw etdi.

1724419
Daşary Işler Ministri Çawuşogly, Awstriýaly Kärdeşini Gutlady

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Awstriýanyň Daşary işler ministri Mişel Linharda telefon edip täze wezipesi bilen gutlady.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Çawuşogly Lunhart bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministr Çawuşogly kärdeşini täze wezipesi bilen gutlap rowaçlyk arzuw etdi.

Awstriýanyň ozalky Premýer-ministri Sebastian Kurz galpyk edendigi hakynda öňe sürlen garaýyşlar sebäpli 9-njy oktýabrda wezipesinden çekilipdi.

11-nji oktýabrda geçirlen dabarada bolsa ozalky Daşary işler ministri Aleksander Şallenberg kasam edip Awstriýanyň täze premýer-ministri hökmünde wezipesine başlapdy.

Şallenbergiň ýerine bolsa Türkiýede doglan tejribeli diplomat Linhart bellenipdi.



Degişli Habarlar