Tunjeli welaýatynda bir esger şehit boldy

Tunjeli welaýatynda dowam edýän Eren-7 operasiýasynda 1 esger şehit boldy

1723117
Tunjeli welaýatynda bir esger şehit boldy

Içeri işler ministrliginden berilen beýnatda, Tunjeli welaýatynda geçirilýän operasiýada agyr ýaralanan 1 esgeriň alynyp gidilen hassahanada edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Şehidimize Alladan rehnet, maşgalasyna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýäris. Milletimize gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

Ýüze çykan çaknyşykda 1 esgeri şehit eden terrorçynyň Terrordan gözlenýänleriň sanawynda ady bolan Kurtaý Şerzan adyny ulanýan Haýrettin Güneşdigi we onuň birlikde hem ýene-de bir terrorçynyň hem öli ýagdýada ele salynandygy aýan edildi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Tunjeli welaýatynda dowam edýän we 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilen Eren-7 operasiýasynda agyr ýaralanan esgeriň şehit bolandygyny belläp, şehide Alladan rehnet, maşgalasyna bolsa gynanç bildirdi. 



Degişli Habarlar