Içeri Işler Ministri Soýlu Eýranda Saparda Boldy

“Kimdir biriniň Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary bozmagyna rugsat bermeris”

1722846
Içeri Işler Ministri Soýlu Eýranda Saparda Boldy

Türkiýe bilen Eýranyň arasynda howpsyzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk edilmegi üçin ylalaşyk gazanyldy.

Resmi sapar bilen Eýranyň paýtagty Tährana giden Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, eýranly kärdeşi Ahmed Wahidi bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

Ministr Soýlu beýannamasynda “Terror guramasy PKK bilen birlikde ähli terror guramalaryna garşy birlikde göreşýäris. Şu gün ýene-de bir gezek terror guramalaryna garşy göreş we hyzmatdaşlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

Owganystanda soňky döwürde başdan geçirlen wakalardan soň bikanun göçüň artandygyny we göç meselesi hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Soýlu, ministrlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin ylalaşyk gazanandyklaryny nygtady.

Eýranyň Içeri işler ministri Ahmed Wahidi hem, Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklarda özara bähbide laýyklykda täze döwrüň başlajakdygyny nygtap “Kimdir biriniň Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary bozmagyna rugsat bermeris” diýdi.



Degişli Habarlar