Prezident Erdogan "TRT World Forum 2021"-e wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ähli ezilen we jebir çekýän adamlaryň adyndan alyp barýan göreşlerini has ýokary götermekde tutanýerlidiklerini aýan etdi

1721846
Prezident Erdogan "TRT World Forum 2021"-e wideo ýüzlenme ugratdy

"TRT World Forum 2021"-e wideo ýüzlenme ugradan Prezident Erdogan, adamzat hökmünde eýýäm birnäçe wagt bäri ykdysady, sosial, syýasy ugurlary bolan uly bir saglygy goraýyş krizisine garşy göreşiň alynyp barylýandygyny ýatladyp, bu tapgyrda başdan geçirilenleriň, mundan beýläk hiç bir zadyň ozalkysy ýaly bolmajakdygyny görkezendigine ünsleri çekdi. 

Bütin adamzadyň gelejegine howp salan bu krizisiň öňünde dünýäde parahatçylygy we adalaty ýola goýmakda jogapkärçiligi bolan guramadyr-edaralaryň ýene-de bir gezek synagy geçip bilmändiklerini aýdan Erdogan: "Ösmedik ýurtlar we ýoksul jemgyýet gatlaklary öz ykballaryna terk edildiler, söwdada proteksionizm artan mahaly üpjünçilikde zynjyrlar bozuldy. Ykdysady kynçylyklar bilen birlikde Günbatar ýurtlarynda ýigrenç bilen bagly jenaýatlar örän artdy" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Ýewropaly syýasatçylar jemgyýeti edil rak öýjügi ýaly gaplan Yslamafobiýa garşy göreşmegiň ýerine ondan peýdalanmagyň, syýasy emellere öwürmegiň, sese öwürmegiň hasabyny edýär" diýip belledi. 

Dünýädäki häzirki ulgamyň eýýäm ençeme wagt bäri adalat we durnuklylyk öndürmeýändigine ünsleri çeken Erdogan: "Yslam dünýäsiniň sözüniň diňlenmeýän, Afrikanyň, Günorta Amerikanyň, Günorta Aziýanyň talaplarynyň ünsden düşürilýän, diňe güýji elinde saklaýan 5 ýurdyň bähbitleriniň öňe sürülýän bu ulgamyň häzirki gurluşy bilen dowam etmegi mümkin däldir. BMG we beýleki halkara guramalardaky özgertme zerurlyklary mundan beýläk ünsden düşürilmeli däldir" diýip nygtady. 

Türkiýe hökmünde bu özgertme zerurlygyny ençeme ýyllap "Dünýä Bäşden Uludyr" sözleri bilen belläp geçýändiklerini aýdan Erdogan: "Ähli ezilen we jebir çekýän adamlaryň adyndan alyp barýan göreşimizi has ýokary götermekde tutanýerlidiris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar