Fahrettin Altun "TRT World Forum 2021"-iň açylyşynda çykyş etdi

Altun "Güýç we Paradoks: 21-nji asyrda Beýik Startegiýa göz ýetirmek" temasy bilen şu ýyl 5-nji gezek geçirilýän "TRT World Forum 2021"-iň açylyşyna wideo ýüzlenme ugratdy

1721880
Fahrettin Altun "TRT World Forum 2021"-iň açylyşynda çykyş etdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, global meselelere global çözgütleriň gerekdigini belläp, Türkiýäniň halkara ulgamlardaky kynçylyklara jogap bermek üçin ädimler edendigini beýan etdi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun "Güýç we Paradoks: 21-nji asyrda Beýik Startegiýa göz ýetirmek" temasy bilen şu ýyl 5-nji gezek geçirilýän "TRT World Forum 2021"-iň açylyşyna wideo ýüzlenme ugratdy. 

Koronawirus krizisiniň dünýä sowuk söweşiniň gutarmagyndan soň bolup biljek iň kyn zamanada täsir ýetirendigini aýdan Altun, 2020-nji ýylda dünýäniň biri-birinden tapawutly ýerlerinde ençeme halkara çaknyşygyň çözgütsiz galandygyny beýan etdi. 

Altun, bu tapgyryň döwletleriň uzak möhletleýin strategiýalar düzmeklerine we global howplara garşy göreşmeklerine iterendigini aýan etdi. 

Altun, halkara guramalaryň apatlardan global klimat çalşygyna çenli, global meseleleri has netijeli ýagdaýda ele alyp bilmekleri üçin gyssagly özgertmäge zerurlygyň bardygynyň göz ýetirilendigini habar berdi. 

Türkiýäniň halkara ulgamlardaky kynçylyklara gözegçilik edýändigini we şolara jogap bermek üçin ädimler edýändigini aýdan Altun: "Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdoganyň liderlik etmeginde, daşary syýasat strategiýamyzy diňe gyssagly howpsuzlyk aladalarymyza däl, eýsem sebitleýin we global meselelerede çözgüt tapjak ýagdaýda gözden geçirdik. Golaýdaky çaknyşyklaryň çözgüdine daşary syýasatymyz boýunça aýratyn ähmiýet berdik. Türkiýäniň daşary syýasat boýunça resmileri Siriýa, Liwiýa we Yrak ýaly ýurtlardaky çaknyşyklary çözmek üçin biri-birinden tapawutly başlangçylar etdiler. Mundan başgada Gündogar Ortaýer deňizi we Azerbaýjan-Ermenistan dartgynlygy başda bolmak bilen ähli tankydy ugurlarda degişli taraplara dialoga we konstruktiw diplomatiýa gatnaşmaga çagyrdyk. Hormatly Prezidentimiz ýurtlara bu ugurlardaky düşünişmezçilikleri maslahatlaşmak we çözgüt tapmak üçin halkara maslahatlaryň geçirilmegi barada çagyryş berdi" diýip mälim etdi. 

Tankydy wagtlarda uly güýçleriň liderlik roluny oýnamagyny garaşmagyň ýerine, maksatlara ýetmek üçin beýleki milletleriň güýçlerini birleşdirmegiň gerekdigini aýdan Altun, TRT World Forumdaky çykyşlaryň we maslahatlaryň hem şol maksatlara ýetmäge goltgy berjekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar