Prezident Erdogan Angolanyň Mejlisinde çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň Afrika materigindäki halklary tapawut goýmadan bagryna basýandygyny beýan etdi

1721359
Prezident Erdogan Angolanyň Mejlisinde çykyş etdi

Angola döwletiniň mejlisinde çykyş eden Prezident Erdogan, Türkiýeden Angola Prezident derejesinde ilkinji saparyň guralandygyny belläp, Türkiýe hökmünde ösüş ýolagçylygynda dostlukly Angolanyň ýanynda bolmaga dowam etjekdiklerini habar berdi. 

Angola bilen Ýewropany we Aziýany biri-biri bilen birleşdirýän Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň emele getirjek sinergiýasynyň täsiriniň uly bir geografiýada duýulandygyny aýdan Erdogan: "Taryhynda kolonializm tegmili bolmadyk bir milletdiris. Şu günki gün hem dünýä 5-den uludyr diýip global ulgamdaky adalatsyzlyklara garşy göreş alyp barýarys" diýip beýan etdi. 

Adamzat taryhynyň ykbalyny II Jahan urşunyň ýeňijisi bolan bir gysym ýurdyň ynsabyna berilmeli däldigini dowamly aýdýandyklaryny bellän Erdogan: "Afrika halklarynyň garaşsyzlyk, azatlyk we deňlik ýörelgelerini entegem kabul etmek islemeýänler bar. Soňky wagtlarda şol çydamsyzlygyň has hem beýgelýändigine şaýat bolýarys. Türkiýe hökmünde Afrika materigine garşy günbatar merkezli gündogarşynas çemeleşmeleri ret edýäris. Afrika materigindäki halklary tapawut goýmadan bagrymyza basýarys" diýip belledi. 

Türkiýäniň Afrikada 43 ilçihanasy bilen iş alyp barýandygyny aýdan Erdogan, paýtagt Ankara şäherinde ilçihanasy bolan Afrika ýurtlarynyň sanynyň bolsa 37-ä ýetendigini aýan etdi. 

Erdogan Türkiýäniň taryhy, medeniýeti bilen Afrika materiginiň bütin dünýä goşan baý goşandyny we mümkinçiligini bilýändiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar