Erdogan III Türkiýe-Afrika Işewürler forumynyň Stambulda geçiriljekdigini aýtdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan III Türkiýe-Afrika Işewürler forumynyň 21-22-nji oktýabr aralygynda Stambulda geçiriljekdigini habar berdi

1721290
Erdogan III Türkiýe-Afrika Işewürler forumynyň Stambulda geçiriljekdigini aýtdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan düýn agşam Luanda Kuatro de Fewereýro halkara howa menzilinde Angolanyň Daşary işler ministri Tete Antonio we Türkiýäniň Luanda şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alp Aý tarapyndan garşylandy. 

Resmi saparyna şu gün başlan Prezident Erdogan, Angolanyň Prezidenti Žoao Manuel Gonsalweş Lourensu tarapyndan Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylandy.

Garşylama dabarasyndan soň ikiçäk we toparara gepleşikler geçiren kärdeşler, ondan soň bolsa umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdylar. 

Prezident Erdogan Angolanyň Prezidenti Žoao Manuel Gonsalweş Lourensu bilen goranmak senagaty we terrora garşy göreş ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşandyklaryny, Afrikanyň meselelerine Afrika tarapyndan çözgütler tapylmagyny, raýdaşlyk we girdeji al-girdeji al ýaly ugurlaryň durmuşa geçirilmegini maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

III Türkiýe-Afrika Işewürler forumynyň 21-22-nji oktýabr aralygynda Stambulda geçiriljekdigini aýdan Erdogan: "17-18-nji dekabrda bolsa III Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlyk maslahatyna Stambulda ýer eýeçiligini ederis. Öňümizdäki ýylyň 11-13-nji marty aralygynda geçiriljek Antalýa Diplomatiýa forumyna gatnaşmagyňyzdan hem hoşal bolarys" diýip belledi. 

"Transportdan oba hojalyga, gaýtadan işlenýän energetika, saglygy goraýyş, tekstil, elektrik we ýaşaýyş jaý taslamalaryna çenli ugurlar boýunça kärhanalarymyzyň anyk işleri ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy özgertmekdäki tutaýnerliligimiziň subutnamasydyr" diýip bellän Prezident Erdogan, 12-nji oktýabrda bolsa Türkiýeden Angola gönüden uçar saparlarynyň başlandygyny ýatladyp, wiza meselesi boýunça ediljek ädimleriň hem adam we önüm hereketini artdyrjakdygyny mälim etdi. 

Koronawirus epidemiýasynyň global derejedäki hyzmatdaşlygyň nähili derejede ähmiýetlidigini görkezendigini aýdan Erdogan, türk hususy pudagynyň, hassahanalaryň gurluşygy we derman önümçilik ugurlarynda hyzmatdaşlyga taýardygyny beýan etdi. 

Angolanyň mejlisinde çykyş etjek Prezident Erdogan soň bolsa Antonio Agostino Netonyň ýadygärligine zyýarat eder we Daşary Ykdysady Gatnaşyklar Geňeşi (DEIK) tarapyndan geçiriljek Angola-Türkiýe Işewürler forumyna gatnaşar. 



Degişli Habarlar