Yragyň Demirgazygynda Iki Günde 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň demirgazygyndaky terror hinleri ýer bilen ýegsan edilýär.
1720062

Yragyň demirgazygynda soňky 2 günde “Penje Ýyldyrym” operasiýalarynyň çäginde terror guramasy PKK-a agza 13 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama göra, ministr Hulusi Akaryň nygtaýşy ýaly Yragyň demirgazygyndaky terror hinleri ýer bilen ýegsan edilýär.
Şol çäkde Yragyň demirgazygynda Awaşin-Basýan etrapçasynda 8 we Metina etrapçasynda hem 5 bolmak bilen ekstremist terror guramasy PKK-a agza jemi 13 terrorçy gury we howa güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogan Finlýandiýanyň Prezidento Niinistýo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy