Türk Öýi Halkara Diplomatlary Kabul Etdi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde açylan Türk öýüniň täze binasy ilkinji gezek halkara diplomatlary kabul etdi.

1720038
Türk Öýi Halkara Diplomatlary Kabul Etdi
new york Turkevi diplomatlar1.jpg
new york Turkevi diplomatlar.jpg

Sentraýbr aýynda Prezident R.T.Erdogan tarapyndan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde açylan Türk öýüniň täze binasy ilkinji gezek halkara diplomatlary kabul etdi.

Türk binagärlik bezegleri we depesindäki týulpan şekilli bezegi biülen Manhattan adasyndaky köp gatly binalardan tapawutlanýan Türk öýüniň täze binasynda ençeme ýurduň diplomatlary Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Başkonsuly Rehhan Özgüriň çakylygyna laýyklykda jemlenşdiler.

Banketde söz sözlän Özgür täze hyzmat ediş binasynyň Türkiýäniň gerimi giňeýän diplomatik we konsullyk işlerine laýyklykda dizaýn edilendigini, türk myhmansöýerligini görmek isleýänlere gapylarynyň açykdygyny beýan etdi.

Özgür Türk öýüniň, Türkiýäniň halkara arkalaşyga we hyzmatdaşlyga goýýan sarpasynyň alamatlaryndan biridigini nygtap, daşary ýurtly diplomatlara: “Siz bilen sergi, maslahatlary, medeni çäreleri geçirmek üçin desgalarymyzy ulanmaga bermek bizi hoşal eder” diýdi.

BMG-niň ştab kwratirasynyň ýanynda ýerleşýän 35 gaty türk öýüniň binasynda Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, Nýu-Ýorkdaky Balkonsullygy we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň wekilhanasy ýerleşýär.



Degişli Habarlar