Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Daşary Yşler Ministri Manguş Bilen Duşuşdy

Saýlawlaryň adalatly, erkin we howpsyz ýagdaýda geçirilmegine goldaw berýäris”

1719798
Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Daşary Yşler Ministri Manguş Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Daşary işler ministri Nejla Manguş bilen paýtagt Ankarada duşuşdy.

Çawuşogly duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Şu gün ilki doganlyk ýurt Liwiýanyň Daşary işler ministri Nejla Manguş bilen özara gatnaşyklar we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Türkiýaniň Liwiýanyň durnuklylygyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtan Çawuşogly “Saýlawlaryň adalatly, erkin we howpsyz ýagdaýda geçirilmegine goldaw berýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar