Senagat we Tehnalogiýa Ministri Mustafa Warank Täjigistanda Saparda Bolýar

"Täjigistany, Orta Aziýada esasy hyzmatdaş hökmünde görýäris"

1719153
Senagat we Tehnalogiýa Ministri Mustafa Warank Täjigistanda Saparda Bolýar

Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we Senagat we täze tehnalogiýa ministri Kabir bilen duşuşdy.

Rasulzoda, Türkiýe-Täjigistan bilelikdäki ykdysady komissiýanyň 11-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistana giden Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Waranky kabul etdi.

Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Türkiýäniň Täjigistanyň ykdysadyýetinde uly rol oýnaýandygyny nygtap, özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Premýer-ministr Rasulzoda, Türkiýeden Täjigistana goýlan maýa goýumlaryň artdyrylmagy üçin uly mümkinçiligiň bardygyny we şol mümkinçilikden ýerlikli peýdalanylmalydygyny nygtady.

Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank hem Täjigistany, Orta Aziýada esasy hyzmatdaş hökmünde görýändiklerini nygtady.

Warank, söwda we ykdysady gatnaşyklaryň başda durmagynda özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdüriljekdigine ynanýandygyny belledi.

Ministr Warank, Täjigistanyň Senagat we täze tehnalogiýa ministri Kabir bilen bolan duşuşygynda hem, Türkiýäniň Täjigistan bilen tejribelerini paýlaşmaga taýardygyny aýtdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar