Türkiýe Ysraýylyň kararyny ýazgardy

Türkiýe Ysraýylda bir kazyýet tarapyndan kabul edilen jöhitleriň Aksa Metjidinde ýuwaşlyk bilen ybadat etmek hakynyň bardygyny öňe süren karary berk ýagdaýda ýazgardy

1716670
Türkiýe Ysraýylyň kararyny ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Ysraýylda bir kazyýet tarapyndan kabul edilen skandal karar bilen baglanşykly beýanat berdi. 

Kararyň ýazgarylan beýanatda: "Ysraýylda bir kazyýet tarapyndan kabul edilen jöhitleriň Aksa Metjidinde ýuwaşlyk bilen ybadat etmek hakynyň bardygyny öňe süren karary berk ýagdaýda ýazgarýarys. Ady agzalan kararyň Aksa Metjidiniň statusyny üýtgetmäge synanyşan fanatik töwerekleri has hem ýüreklendirmegi we täze dartgynlyklara sebäp döretmegi ähtimallygy ünsden düşürilmeli däldir" diýip habar berildi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda halkara jemgyýete çagyryş berilip: "Halkara jemgyýete bu ýalňyş, bikanun we howply karara we Aksa Metjidine garşy ähli öjükdiriji hereketlere garşy durmaga çagyrýarys" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar