Türkiýäniň Daşary işler ministri Pakistanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Pakistanyň Bulujystan welaýatynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 6-sy çaga jemi 20 adam ýogaldy
Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, ýer titremede ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şu gün Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Pakistanyň günortasyndaky Bulujystan sebitinde şu gün irden başdan geçirilen ýer titremede ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi, zerurlyk gerek bolan halatynda kömege taýardyklaryny beýan etdi" diýip habar berildi.
Pakistanyň Bulujystan welaýatynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 6-sy çaga jemi 20 adam ýogaldy.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar
Hakan Fidan, Gaga şäherinde Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.
Erdogan Stambulda Žurnalistleriň Soraglaryna Jogap Berdi
Prezident R.T.Erdogan Stambulda Ysraýyl-Eýran dartgynlygy hakynda beýannama berdi.