Soýlu: "Ýaz-tomus operasiýalarynda 127 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi
Terrora garşy göreşiň çäginde ýaz-tomus pasyllarynda geçirilen operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 127 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, paýtagt Ankara şäherinde "Žandarma we Kenarýaka howpsuzlyk akademiýasynyň 2021-2022-nji akademiki ýylynyň açylyş dabarasynda" eden çykyşynda terrora garşy alynyp barylýan göreşiň üstünde durup geçdi.
Terrora garşy göreşde uly üstünlikleriň edilendigini we operasiýada 127 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini ýatladan Soýlu: "Öňümizde güýz-gyş operasiýalary bar. Eger şu tizlik bilen dowam etsek, belkem ýene-de bir güýz-tomus operasiýasyny geçireris, soň bolsa gerek bolup-bolmajakdygyny hem bilmeýärin" diýip habar berdi.
Bosgun dolanşygynyň hem möhüm howpsuzlyk ugurlarynyň hataryndadygyny aýdan Süleýman Soýlu, strategiýanyň, migrasiýany dolandyrmak, bikanun göçe garşy göreş alyp barmak düşünjesiniň üstüne gurulandygyny beýan etdi.
Ministr Süleýman Soýlu 2016-njy ýyldan bäri 2 million 349 müň 931 adamyň serhetde, entek Türkiýä girmeden öňüniň alynandygyny aýan etdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 12 ýyl arakesmeden soň şu gün Yrakda resmi saparda bolýar