Warank Maýa Goýmak Isleýänleri Türkiýä Çagyrdy

Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank maýa goýmak isleýänleri Türkiýä çagyrdy

1715776
Warank Maýa Goýmak Isleýänleri Türkiýä Çagyrdy

Mustafa Warank, İçeri işler ministrliginiň hemaýat bermeginde, Milli goranmak ministrliginiň we Goranyş senagaty edarasynyň goldaw bermeginde Ankarada geçirilen “3-nji Halkara harby radar we Serhet howpsuzlygy sammitiniň” çäginde açylan sergä baryp gördi.

Warank sergini gezip görenden soň beren beýanatynda Türkiýäniň soňky döwürde goranyş senagaty tehnologiýalar boýunça uly üstünlikler gazanandygyna ünsi çekip, daşary ýurtlardan milli önümlere bolan gyzyklanmanyň iňňän ýokarlandygyny aýtdy.

Pudagyň nähili depginli we dinamiki häsýete eýedigini sergide görendiklerini gürrüň beren Warank; “Goranyş senagatynda Türkiýede maýa goýmak üçin uly şertler bar. Ýerli ýa-da daşary ýurtly tapawut goýmaýarys. Türkiýede maýa goýmak isleýänleri ýurdumyza çagyrýarys” diýdi.

Ministr Warank Goranyş senagaty edarasynyň, “Roketsan”, “Meteksan” we “Hawelsan” firmalarynyň stendlerine baryp, maglumat aldy.



Degişli Habarlar