Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 32 müň 269 adam öýlerine ugradyldy

1715233
Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 228 boldy.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 355 müň 564 adam testden geçirildi.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 29 müň 802 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 32 müň 269 adam öýlerine ugradyldy.

Beýleki tarapdan Türkiýede häzirki wagta çenli birinji, ikinji we üçünji doza sanjymlaryň sany 111 million 78 müň 323-e ýetdi.



Degişli Habarlar